Akbulut
  • Biz barada
  • Önümler
  • Habarlar
  • Kalkulýator
  • Habarlaşmak
    Turkmen
    english русский türkmençe
  1. Esasy Sahypa
  2. Habarlar

«Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezi

Bu söwda-dynç alyş merkezi 3,8 gektar meýdanda ýerleşýär. Onuň üç gatly binasynyň umumy meýdany 43 müň 560 inedördül metre barabardyr.

«Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezinde köpsanly söwda nokatlaryndan başga-da, onda jemgyýetçilik iýmiti kärhanasy ýerleşdirilendir. Bu ýerde 800 orunlyk we 400 orunlyk toý dabaralaryny geçirmek üçin iki zal, 200 orunlyk we 100 orunlyk restoranlar, 5 sany çaýhana hem bardyr.

Binanyň birinji gatynyň 15 müň inedördül metrden gowrak ýerinde bölek söwda dükany ýerleşdirilendir. Alyjylara ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürleýän marketleriň we söwda dükanlarynyň 65-si ýokary häzirki zaman ülňüleri esasynda enjamlaşdyrylandyr.

Mundan başga-da, binanyň üçünji gatynda her biri 90 orunlyk kinozallaryň ikisini, bir wagtyň özünde çagalaryň 300-sini kabul edip biljek dürli attraksionlary öz içine alýan dynç alyş we şüweleňler zolagy ýerleşýär. Şeýle-de bu ýerde körpeler üçin oýun meýdançalarynyň 4-si ýerleşdirilendir.

Merkez döwrebap tehniki enjamlar—amatly liftleriň 10-sy, eskalatorlaryň 6-sy we beýlekiler bilen üpjün edilendir.

«Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň içinde “Ak bulut” hojalyk jemgiyetiniň akustik asma potoloklarynyň dürli ölçegdäki görnüşleri gurnaldy.

news image
10-12-2022

12-nji dekabr - Halkara Bitaraplyk güni

news image
03-07-2023

Arkadag şäheri sanly we akylly tehnolog...

news image
13-10-2023

Bişkekde Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgy...

news image
08-11-2023

«Ak Bulut» HJ-niň täze önümleri

news image
20-01-2024

Daşky gurşawy goramak we arassa saklamak...

news image
24-07-2024

Daşkent şäherinde geçirilen “Türkmenista...

Sahypalar
  • Esasy Sahypa
  • Biz barada
  • Önümler
  • Habarlar
  • Kalkulýator
Habarlaşmak
  • Merkezi Ofis we Showroom
  • G. Kuliyev st. 29, Ashgabat city, Turkmenistan
  • +99312754244,    +99362140044,
  • +99312754137,    +99362240044,
  • info.akbulut.es@gmail.com
Ykjam programma

AppStore we GooglePlay marketlerinden ýükläp bilersiňiz

Gizlinlik syýasaty

© 2022 “Ak Bulut” Hojalyk Jemgyýeti. Ähli hukuklar goralan.