Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hususy
eýeçilige daýanyp ösýän edara görnüşli taraplaryň müňlerçesi, şahsy
taraplaryň on müňlerçesi işleýär. 17-19-njy martda paýtagymyzda
ýerleşýän Söwda- senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy
mynasybetli sergi geçirildi. Sergide ýurdumyzyň öndürijileri
raýatlarymyza we ýurdumyzyň myhmanlaryna özleriniň täze önümlerini
hödürlediler.
«Ak Bulut» HJ hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýeten beýik sepgitlerini
dünýä ýaýmak üçin bu uly sergä halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolan
we dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan önümlerini getirdi. Asma
potoloklar, alçipanlar, gury garyndy materiallar, profil sistemalar
sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Sergide önümlerimiz bilen tanyşdyran hünärmenlerimiz pawilýonumyzyň
myhmanlaryna täze önümlerimiziň aýratynlyklary, hili boýunça peýdaly
maglumatlary berdiler.
TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi hususy pudaga
maýa goýumlary çekmekde hem uly ähmiýete eýe boldy.
Milli ykdysadyýetimiziň geljekki ösüşinde telekeçileriň işi uly orun
tutýar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykmakda, halkymyzyň
mynasyp ýaşamagyny gazanmak üçin döwletli işleri durmuşa geçirýän
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,
belent başlary aman bolsun!