Akbulut
  • Biz barada
  • Önümler
  • Habarlar
  • Kalkulýator
  • Habarlaşmak
    Turkmen
    english русский türkmençe
  1. Esasy Sahypa
  2. Habarlar

“Ak bulut” asma potoloklaryny Özbegistana eksport etdi

“Ak bulut” hojalyk jemgyýeti ýaňy ýakynda Özbegistana 13 müň inedördül metrden gowrak asma potoloklary eksport etdi.

Bu öň hem birnäçe ýurtlara öz önümlerini eksport eden kärhananyň goňşy döwlet bilen ilkinji hyzmatdaşlygydyr.

“Ak bulut” hojalyk jemgyýetiniň önümleriň hili, menejmentlik, işgärleriň hukuklary we beýleki wajyp görkezijiler boýunça halkara ISO güwänamasyna eýe bolmagy halkara bazarynda kärhana uly ynam bildirilmegini şertlendirýär.

“Ak Bulut” Hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda ýurdumyzda iň uly gurluşyklaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezindäki binalarda gurnalýan asma potoloklary üpjün ediji esasy kärhanadyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ak bulut” kompaniýasy asma potoloklary, profilleriň dürli görnüşlerini we olaryň goşmaça serişdelerini öndürýän öňdebäryjy kärhanadyr.

“Ak bulut” HJ öz hyzmatlaryny we önümlerini sanly ulgama ornaşdyrmaklyga hem uly üns berýär. Kärhananyň www.akbulut.com.tm internet sahypasynda we ykjam telefonlara niýetlenen “Ak bulut” programmasynda müşderilere kompaniýanyň alyp barýan işleri, täzelikleri bilen tanyşmaga we önümleri barada maglumatlary tapmaga mümkinçilik bar. Şeýle-de saýtda hem, programmada hem müşderiler ýörite kalkulýator arkaly asma potoloklaryň, profilleriň we gurnaýjy bölekleriň özlerine gerek bolan mukdaryny hasaplap bilerler.

“Ak bulut” HJ önümleriniň görnüşlerini artmak ugrunda uly işleri alyp barýar. Ýakynda kärhanada akustik agaç diwarlyklaryň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

news image
23-09-2022

Türkmeniň ak öýi

news image
01-10-2022

"Ýylyň öňdebaryjy işewüri" 2021

news image
26-10-2022

«Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezi

news image
16-12-2022

Azerbaýjan Respublikasyna eksport

news image
08-04-2023

Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi...

news image
31-01-2024

TÄZE ÖNÜM

Sahypalar
  • Esasy Sahypa
  • Biz barada
  • Önümler
  • Habarlar
  • Kalkulýator
Habarlaşmak
  • Merkezi Ofis we Showroom
  • G. Kuliyev st. 29, Ashgabat city, Turkmenistan
  • +99312754244,    +99362140044,
  • +99312754137,    +99362240044,
  • info.akbulut.es@gmail.com
Ykjam programma

AppStore we GooglePlay marketlerinden ýükläp bilersiňiz

Gizlinlik syýasaty

© 2022 “Ak Bulut” Hojalyk Jemgyýeti. Ähli hukuklar goralan.