Akbulut
  • Biz barada
  • Önümler
  • Habarlar
  • Kalkulýator
  • Habarlaşmak
    Turkmen
    english русский türkmençe
  1. Esasy Sahypa
  2. Habarlar

“Ak bulut” asma potoloklaryny Azerbaýjana eksport etdi

“Ak bulut” hojalyk jemgyýeti ýakynda Azerbaýjana asma potoloklaryň 6 müň 700 inedördül metrini we T hem-de L görnüşli profilleriň müňlerçe inedördül metrini eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy (TSTB) geçen penşenbe güni habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gurluşyk harytlaryny goňşy döwletlere ugratmak boýunça hem işewürlik gepleşikleri geçirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Ak bulut” kompaniýasy bir ýylda 4 million inedördül metr asma potoloklary, profilleriň dürli görnüşlerini we olaryň goşmaça serişdelerini öndürýär.

Bu hojalyk jemgyýeti golaýda önümleriniň hili, menejmentlik, işgärleriň hukuklary we beýleki wajyp görkezijiler boýunça halkara ISO güwänamasyny almak üçin barlaglardan üstünlikli geçmegi başardy.

“Ak bulut” HJ geljekde tehnologik ösüşleriň has soňky mümkinçiliklerini peýdalanmak arkaly, “akylly” potoloklardyr diwarlyklaryň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Bu ulgam öýüň ýa-da binanyň ulgamlaryny uzak aralykdan, sanly ulgam arkaly dolandyrmak mümkinçiligini üpjün eder.

BIZNES TÜRKMENISTAN

31.08.2022

news image
23-09-2022

“Ak bulut” kompaniýasy asma potoloklaryn...

news image
23-09-2022

Türkmenistanda “Ýylyň iň gowy telekeçisi...

news image
24-09-2022

Сертификаты ISO

news image
05-10-2022

“Bereketli atyz” hususy kärhanasynyň eda...

news image
08-04-2023

Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi...

news image
12-07-2023

«AKYLLY» ŞÄHER ARKADAG» ATLY HALKARA MAÝ...

Sahypalar
  • Esasy Sahypa
  • Biz barada
  • Önümler
  • Habarlar
  • Kalkulýator
Habarlaşmak
  • Merkezi Ofis we Showroom
  • G. Kuliyev st. 29, Ashgabat city, Turkmenistan
  • +99312754244,    +99362140044,
  • +99312754137,    +99362240044,
  • info.akbulut.es@gmail.com
Ykjam programma

AppStore we GooglePlay marketlerinden ýükläp bilersiňiz

Gizlinlik syýasaty

© 2022 “Ak Bulut” Hojalyk Jemgyýeti. Ähli hukuklar goralan.