Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli XXIV Halkara köpugurly «Ak şäherim Aşgabat» sergisi öz işine başlady.
Bu sergi gurluşyk, binagärlik, dizaýn we şäher meýilleşdirmesi ugurlary boýunça takmynan 200 türkmen we daşary ýurt kompaniýalaryny bir ýere jemledi.
Serginiň işine döwlet edaralary, hususy kärhanalar we işewürlik gurluşlary gatnaşyp, häzirki zaman Aşgabat şäheriniň keşbini emele getirýän «ýaşyl» tehnologiýalar we beýleki ugurlardaky işlerini görkezýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara iberen gutlagynda belleýşi ýaly, indi köp ýyllar bäri guralýan köpugurly halkara sergi Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar.
Sergi gurluşykdan we binagärlikden başlap senagat, ulag, aragatnaşyk, maliýe, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk we sporta çenli giň ugurlaryň toplumyny öz içine alýan döwlet şäher gurluşygynyň syýasatynyň netijelerini görkezýär.
Sergi merkezinde «Ak Bulut hojalyk jemgyýeti hem özüniň ajaýyp ornuny eýeledi. Bu ýerde halk arasynda we dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan asma potoloklarymyz, alçipanlarymyz, profil sistemalarymyz, aksessuarlarymyz bilen birlikde täze «Boardline» önümimiz hem görkezildi. Täze önümimiz jaýlaryň diwarlarynda goýlup, olar ýangyna we suwa çydamlydyr. Olary işläp bejermek hem örän aňsat bolup, müşderilimize uzak wagtyň dowamynda ýokary hilli hyzmat eder.